Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda türkiýeli işewürler umumy bahasy 4 million ABŞ dollaryna deň bolan dürli görnüşli nah ýüplük satyn aldylar.
Biržada Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almaga geleşikler baglaşdy. Eksporta dürli görnüşli nah ýüplükleriň 1,2 million kilogramdan gowragy iberiler. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 251 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.