Gyýanlydaky polimer zawody 69 müň tonnadan gowrak polimer önümlerini öndürdi

BIZNES TURKMENISTAN
Gyýanlydaky polimer zawody 69 müň tonnadan gowrak polimer önümlerini öndürdi
Gazhimiýa toplumynda öndürilýän polimer önümleri Russiýa, Günorta Koreýa, Gazagystana, Şweýsariýa, Marşal adalaryna, Hytaýa, Özbegistana we Owganystana iberilýär.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýerleşýän Gyýanlydaky polimer zawody 2022-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 56 müň 985 tonna polietilen, hem-de 12 müň 250 tonna polipropilen öndürdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, bu gazhimiýa toplumynda öndürilýän polimer önümleri Russiýa, Günorta Koreýa, Gazagystana, Şweýsariýa, Marşal adalaryna, Hytaýa, Özbegistana we Owganystana iberilýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak hakynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” we Ýaponiýanyň “TOYO Engineering Corporation” kompaniýalarynyň arasynda üçtaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy. Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanda gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça umumy bahasy 3 milliard 423 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan taslama durmuşa geçirildi.

“Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda 2018-nji ýylyň oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumyny ulanyşa girizdi. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 386 müň tonna ýokary dykyzlykdaky polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtyň özünde, bu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden etan we propan bölünip alnandan soň, galan 4,5 mlrd kub metr harytlyk gaz gaz geçiriji ulgamlara iberilýär.

2022