Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmagyna garaşylýar
Ýaponiýanyň iň uzak wagtlap işlän Premýer-ministri Sindzo Abe 8-nji iýulda pajygaly ýagdaýda aradan çykdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşine görä, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ugradan hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşmak islegine hoşallyk bildirdi.

“Siziň Alyhezretiňize, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykandygy zerarly, gynanç bildirendigiňiz hem-de medet beriji sözleriňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şu ýylyň 11-nji iýulynda bolsa Siziň Alyhezretiňiziň adyndan merhumyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, gurbanlyk sadakasy berildi” diýip, Fumio Kisida Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda aýtdy.

“Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşan ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň erk-islegine eýerip, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigime Siziň Alyhezretiňizi ynandyrmak isleýärin” diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministri belledi.

Ýaponiýanyň iň uzak wagtlap işlän Premýer-ministri Sindzo Abe 8-nji iýulda pajygaly ýagdaýda aradan çykdy.

2022