Raşid Meredow: Türkmenistan Demirgazyk-Günorta geçelgesine goşular

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow: Türkmenistan Demirgazyk-Günorta geçelgesine goşular
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde guralan metbugat brifingi, Aşgabat, Türkmenistan, 2022-nji ýylyň 19-njy awgusty

Türkmenistan Russiýa tarapyndan döredilen Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesine goşular. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň anna güni geçirilen brifingde aýdanlaryna salgylanyp, Russiýanyň TASS agentligi habar berdi.

“Bu geçelge ýük akymlarynyň uly möçberde hereket etmegi üçin kanuny taýdan kesgitlenen ugurdyr. Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi baradaky şertnama 1998-nji ýylda gol çekildi we 2000-nji ýylda güýje girdi. Bu geçelgäniň esaslandyryjylary Russiýa, Eýran we Hindistandyr. Şu gün Türkmenistan bu şertnama goşulmagyň tertibine başlady” diýip, Meredow aýtdy.

Daşary işler ministrliginde guralan metbugat brifinginiň dowamynda 15-16-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara forumyň netijeleri jemlendi.

Meredow Türkmenistanyň rus kärdeşleri bilen demirýol, garaýol, howa, deňiz we beýleki ulag görnüşleri boýunça bilelikdäki işde hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Russiýanyň döwlet demirýollary holdingi “RŽD” AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolan “RŽD Logistika” Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýadan Hindistana ilkinji konteýner otlularyny daşap başlady.

2022