Awgust III hepde: eksport geleşikleri $29,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awgust III hepde: eksport geleşikleri $29,7 milliondan geçdi
Daşary ýurt telekeçileri uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 29 million 727 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň, Owganystanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri daşary ýurt puluna arassalanan benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Özbegistanyň hemde BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we tehniki ýody satyn aldylar.

Şeýle-de Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi hem-de boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar.

Manat serişdelerine Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 724 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million 960 müň manatlyk “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022