Türkmenistanyň harby-hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalary açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň harby-hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalary açyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow we Gülşat Mämmedowa toplumyň çäginde ösdürilip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen bilelikde şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysy Çary Amanow toplumyň çäginde gurlan binalar, olarda döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi hem-de harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana, esgerleriň ýatakhanasy, olardaky şertler we beýleki ugurdaş desgalaryň aýratynlyklary, harby gullukçylaryň ýerine ýetirýän hojalyk işleriniň ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, 150 orunlyk naharhanada ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir.

Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy toplumyň çäginde Hojalyk müdiriýetiniň harby gullukçylarynyň ösdürip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022