Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýedäki we Russiýadaky ýol heläkçiliklerine gynanç bildirdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýedäki we Russiýadaky ýol heläkçiliklerine gynanç bildirdi
Şenbe güni Türkiýäniň Gaziantep we Mardin welaýatlaynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiligi 36 adam pidasyna sebäp boldy hem-de ol ýerde onlarça adam agyr ýaralandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Gaziantep we Mardin welaýatlarynda bolup geçen ýol-ulag heläkçilikleriniň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýanyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde köp sanly gyrgyz raýatynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Şenbe güni Türkiýäniň Gaziantep we Mardin welaýatlarynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiligi 36 adam pidasyna sebäp boldy hem-de ol ýerde onlarça adam agyr ýaralandy.

Russiýanyň Ulyanowsk oblastynda bolan ýol-ulag heläkçiligi 16 adamyň pidasyna sebäp bolup, olaryň 14-si Gyrgyzystanyň raýatlarydy.

2022