Türkmenistanyň Şuşada geçiriljek Türki döwletleriň işewürlik forumyna gatnaşmagyna garaşylýar

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Şuşada geçiriljek Türki döwletleriň işewürlik forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
Şuşa, Azerbaýjan (Foto: “Interfax-Azerbaijan”)

Türkmenistanyň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde 16-njy sentýabrda geçiriljek Karabah işewürlik forumyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Karabah işewürlik forumy Şuşa şäherinde 16-njy sentýabrda geçiriler. Bu foruma Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) agzalarynyň we synçy ýurtlarynyň işewürleri  gatnaşarlar” diýip, Türki döwletleriň Söwda-senagat edarasy çarşenbe güni mälim etdi.

Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. 2018-nji ýylda Özbegistan bu guramanyň doly agzasy bolup, Wengriýa synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Türkmenistan geçen ýylyň noýabr aýynda Türki döwletleriň guramasyna synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Şuşany Azerbaýjanyň medeni paýtagty diýip yglan etdi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şu ýylyň mart aýynda Şuşany Türki döwletleriň dünýäsiniň 2023-nji ýyl boýunça medeni paýtagty diýip yglan etdi.

2022