Eýran bilen Russiýa tebigy gaz alyş-çalşygy şertnamasyna gol çeker

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran bilen Russiýa tebigy gaz alyş-çalşygy şertnamasyna gol çeker
Dünýädäki iri gaz öndürijileri Eýran bilen Russiýa soňky aýlarda energiýa gatnaşyklaryny çuňlaşdyrdy. (Surat: "Shana" habarlar agentligi)

Eýran ýakyn wagtda Russiýa bilen tebigy gazy içerki sarp edijiler üçin import etmek we deň mukdarda Eýran goňşy ýurtlara ugratmak barada şertnama baglaşar. Bu barada çarşenbe güni Tehranda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň maslahatçysy Igor Lewitin bilen geçirilen duşuşykdan soň Eýranyň Nebit ministri Jawad Owjiniň aýdanlaryna salgylanyp, Eýranyň “PressTV” agentligi habar berdi.

Nebit ministri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýokary derejeli resmisiniň ýakyn wagtda Russiýa bilen gaz alyş-çalşygy şertnamasyna gol çekmek üçin Moskwa sapar etjekdigni aýtdy.

“Russiýa bilen gaz satyn almak we swop (şertnama) boýunça işler tamamlandy we ýakyn wagtda Moskwada NIGC bilen Russiýanyň arasynda gol çekiler” diýip, Owji aýtdy.

Dünýädäki iri gaz öndürijileri Eýran bilen Russiýa soňky aýlarda energiýa gatnaşyklaryny çuňlaşdyrdy. Geçen aý Eýranyň döwlet nebit kompaniýasy NIOC we Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 40 milliard ABŞ dollarlyk bilelikdäki maýa goýum şertnamasyna gol çekdiler. Eýranyň Nebit ministrliginiň resmileri şol wagt gaz alyş-çalşygynyň energiýa hyzmatdaşlygy şertnamasynyň bir bölegi bolup biljekdigini aýdypdylar.

Eýran häzirki wagtda Türkmenistan bilen gaz alyş-çalşygy şertnamasyny durmuşa geçirýär. Bu şertnama laýyklykda, import edilýän türkmen tebigy gazy Eýranyň demirgazyk-gündogarynda sarp edilýär we NIGC demirgazyk-günbatarda Azerbaýjana deň mukdarda gaz iberýär.

Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy. 2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Bakuwda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu şertnama laýyklykda, türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy iki esse artar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022