Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda geçiriljek ŞHG-niň sammitine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda geçiriljek ŞHG-niň sammitine gatnaşar
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen ŞHG sammiti, 2021-nji ýylyň sentýabr aýy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-16-njy sentýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşar. Bu barada ŞHG-nyň Özbegistan boýunça milli utgaşdyryjysy Rahmatulla Nurimbetow anna güni geçirilen metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, Özbegistanyň “nuz.uz” täzelikler saýty habar berdi.

ŞHG-a agza sekiz döwletden başga-da, üç synçy döwletiň (Belarus, Eýran we Mongoliýa) Liderleriniň bu sammite gatnaşmagyna garaşylýar.

“Prezidentiň ýakyn aragatnaşyk saklaýan ýurtlarynyň myhman-ýolbaşçylaryna garaşýarys. Olaryň arasynda Türkiýäniň we Türkmenistanyň Prezidentleri bardyr hem-de ylalaşylan birnäçe myhmanlaryňgatnaşmagyna garaşýarys” diýip, Nurimbetow aýtdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär. Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hindistan, Pakistan we Özbegistan bu guramanyň agzalarydyr.Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda parahatçylygy has-da berkitmekden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda-ykdysady, medeni, energiýa, ulag-aragatnaşyk, ylym-tehnika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat bolup durýar.

2022