TDHÇMB-da polietilen, plastik poddonlary we el halylary satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da polietilen, plastik poddonlary we el halylary satyldy
Işewür toparlaryň wekili “Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilen 15 müň sany P4-D2 görnüşli plastik poddonlaryny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň penşenbe güni geçirilen söwdalarynda polietileni, plastik poddonlary we el halylaryny satmak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçi Т60-475-119 görnüşli polietileniň 100 tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 1,8 million manada deň boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, söwdalarda işewür toparlaryň wekili “Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilen 15 müň sany P4-D2 görnüşli plastik poddonlaryny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 8,8 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 29 million 727 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022