Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet ordeni bilen sylaglady

BIZNES TURKMENISTAN
Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet ordeni bilen sylaglady
Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin” degişli orden bilen sylaglandy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Watana eden hyzmatlary üçin” atly IV derejeli orden bilen sylaglady. Bu baradaky Karar Russiýanyň kanun maglumatlary boýunça resmi internet portalynda anna güni neşir edildi.

Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin” degişli orden bilen sylaglandy.

Russiýanyň Prezidentiniň Karary bilen 1994-nji ýylyň mart aýynda döredilen “Watana eden hyzmatlary üçin” ordeni milletler arasynda hyzmatdaşlygyň we dostlugyň ösdürilmegine hem-de zähmet üstünlikleri üçin sylaglanýar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaş ýubileýi bilen gutlap, oňa iki sany gylyç, küşt we atyň heýkelini sowgat berdi.

2022