Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanda suw joşgunlary sebäpli gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanda suw joşgunlary sebäpli gynanç bildirdi
Pakistanda iýun aýynyň ortalaryndan bäri suw joşgunlary zerarly wepat bolanlaryň sany 1000-den geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistanyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Pakistanyň senatory, Howanyň üýtgemegi boýunça ministri Şerri Rehman “Twitter” hasabynda paýlaşan wideo ýüzlenmesinde Pakistanyň soňky on ýylyň dowamynda iň agyr klimat betbagtçylygyny başdan geçirýändigini aýtdy.

Pakistanyň Hökümeti iýun aýynyň ortalaryndan bäri ýurtda suw joşgunlary zerarly wepat bolanlaryň sanynyň 1000-den geçendigini ýekşenbe güni mälim etdi. Hökümet tutuş ýurt boýunça halas ediş we kömek işlerinde raýat häkimiýetlerine harbylary ýardam üçin ugratdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022