Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa resmi sapar etmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa resmi sapar etmegine garaşylýar
Moskwa, Russiýa

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko duşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Walentina Matwiýenko Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy bilen mähirli gutlap, şu mynasybetli Prezident Wladimir Putiniň salamyny we gutlag sözlerini ýetirdi.

Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parlamentara hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň öz aralarynda ikitaraplaýyn aragatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy, oňa aýratyn häsiýet bermegi göz öňünde tutýan çuňňur strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýandyklary kanagatlanma bilen nygtaldy.

Söhbetdeşler telefon arkaly gepleşigiň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça oňyn gatnaşyklary ösdürmek üçin mundan beýläk-de pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022