Türkmenistanyň ilçisi Belgiýanyň DIM-ine ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ilçisi Belgiýanyň DIM-ine ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
Duşuşygyň ahyrynda Sapar Pälwanow türkmen-belgiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow duşenbe güni Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Protokol gullugynyň müdiri Oliwiýe Bele ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Oliwiýe Bel Türkmenistanyň ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler.

Sebit hem-de halkara guramalarda, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem-de halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Sapar Pälwanow türkmen-belgiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022