Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerine garaldy
Doha, Katar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen sişenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katara resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar Hökümetara toparynyň işiniň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdiler we onuň üçünji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek barada ylalaşdylar.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň güýzüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň gurnalmagynyň zerurdygyny nygtadylar.

Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisiniň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

2022