Gazagystan 10-njy sentýabrdan başlap, bugdaý we un eksportyna girizilen çäklendirmeleri ýatyrýar. Bu barada ýurduň hökümeti penşenbe güni geçiren pudagara toparyň mejlisiniň jemleriniň netijesinde mälim etdi.
Gazagystan içerki bazaryň ätiýaçlyklaryny üpjün etmek we global azyk bahalarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly bolan inflýasiýany peseltmek maksady bilen, aprel aýynda bugdaý we un eksport çäklendirmelerini girizdi.
Toparyň mejlisinde yglan edilen Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna görä, Gazagystanda ekinleriň bol hasylyna garaşylýar. Şu ýyl ýurt 13 million tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýär, bu bolsa geçen ýylky hasyldan 12% ýokarydyr. Içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin takmynan 6,5 million tonna bugdaý gerek bolar.
Hökümet kwotalary aýyrmak kararyny giňişleýin geňeşmelerden soň kabul edendigini mälim etdi.
Şol bir wagtyň özünde, gazak hökümeti mal eksportyna kwotalary girizýändigini aýtdy. Şu ýylyň 21-nji ýanwaryndan 21-nji iýuly aralygynda Gazagystan iri we ownuk şahly mallaryň eksport edilmegini gadagan etdi.
2020-2021-nji ýyl möwsüminde Gazagystan takmynan 8,1 million tonna bugdaý eksport etdi.