Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň täze ilçisini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň täze ilçisini kabul etdi
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, Döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, Döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Rumyn diplomaty iki döwletiň we halkyň bähbitlerine kybap gelýän hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm ugurlary babatda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm teklipdir başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, himiýa hem-de ýeňil senagat ýaly strategik ulgamlarda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Şeýle-de Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rumyn toparyna uly ähmiýet berildi. Taraplaryň aýtmagyna görä, bu topar söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň, usullarynyň öwrenilmegine ýardam bermelidir.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň iýul aýynda ýola goýuldy.

2022