Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi
Ýaşlar forumyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen wekiller gatnaşdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli penşenbe güni Aşgabat şäherindäki “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi.

Ýaşlar forumyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen wekiller gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýip, Döwlet Baştutanymyz forumda eden çykyşynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylyp, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Soňra gün tertibine laýyklykda, gurultaýa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümini we onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022