FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary bäş aýlap yzygiderli peseldi

BIZNES TURKMENISTAN
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary bäş aýlap yzygiderli peseldi
FAO-nyň awgust aýy boýunça galla görkezijisi iýul bilen deňeşdirilende 1,4% peseldi.

Awgust aýynda azyk önümleriniň global bahalary bäşinji aý yzygiderli peseldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 138 bala ýetdi. Indeks iýul aýy bilen deňeşdirilende 1,9% peseldi. Emma muňa garamazdan, awgust aýyndaky indeks geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,9% ýokarydyr.

FAO-nyň awgust aýy boýunça galla görkezijisi iýul bilen deňeşdirilende 1,4% peseldi. FAO buňa Demirgazyk Amerikada we Russiýada bugdaý önümçiligi boýunça çaklamalaryň gowulaşmagy sebäpli onuň global bahalarynyň 5,1% arzanlamagynyň, şeýle hem Gara deňiz portlaryndan däne eksportynyň ýokarlanmagynyň esas bolandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, global üpjünçiligiň gowulaşmagy ösümlik ýagynyň, şekeriň, süýdiň we etiň bahalarynyň pese gaçmgyna sebäp boldy.

FAO 2022-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, FAO galla önümçiliginiň 2022-nji ýylda 2 milliard 774 million tonna ýetmegine garaşýar. Ozal galla önümçiliginiň 2 milliard 792 million tonna barabar boljakdygy çaklanypdy. Bu bolsa 2021-nji ýyldaky çaklanylan önümçilik möçberinden1,4% pesdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022