Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

BIZNES TURKMENISTAN

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatyň çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hassahananyň işgärlerine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Germaniýanyň “Drager” kompaniýasynyň “Savina 300” kysymly emeli dem beriş enjamyny gowşurdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Sakarçäge etrabynyň merkezinde ulanmaga berilýän 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki açylýan mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulmagynyň ähli adamlar hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň nyşanydygyny nygtady.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022