Aliýew: Azerbaýjan Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar

BIZNES TURKMENISTAN
Aliýew: Azerbaýjan Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar
Aliýew Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek kararyny taryhy waka hökmünde häsiýetlendirdi. (Surat: AZERTAC)

Türkmenistanyň häkimiýetleri Transhazar gaz geçirijisini gurmak kararyna gelse, Azerbaýjan bu taslmanyň durmuşa geçirilişine goldaw berer, diýip Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew italýan “Il Sole 24 Ore” gazetine beren beýanatynda aýtdy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi (AZERTAC) şenbe güni habar berdi.

Prezident Ilham Aliýew Transhazar gaz geçirijisi taslamasynyň Türkmenistanyň ýerasty baýlyklaryna esaslanýandygyny belläp, eger-de türkmen hökümeti bu geçirijini gurmak çözgüdine gelse Azerbaýjanyň bu ugurda goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Aliýew Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek kararyny taryhy waka hökmünde häsiýetlendirdi.

“Iki ýurduň milli bähbitlerinden we doganlyk gatnaşyklarymyzdan ugur alyp, biz bu karara geldik” diýip, Ilham Aliýew belledi. Onuň aýtmagyna görä, taraplar häzirki wagtda ýatagyň bilelikde özleşdirilmeginiň üstünde degişli işleri alyp barýarlar.

Transhazar gaz geçiriji taslamasy azyndan 30 ýylyň dowamynda ýyllyk 30 milliard kubmetr türkmen tebigy gazynyň Ýewropa bazaryna daşalmagyny göz öňünde tutýar.

2022