Türkmenistanyň Pakistana suw joşgunlaryndan ejir çekenlere ynsanperwer kömegi gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Pakistana suw joşgunlaryndan ejir çekenlere ynsanperwer kömegi gelip gowuşdy
Ynsanperwer kömegi 40,5 tonna barabar boldy. (Surat: “Tabani” kompaniýalar toparynyň baş direktory we başlygynyň orunbasary Humza Tabaniniň “Twitter” sahypasy)

Türkmenistanyň Pakistana suw joşgunlary zerarly ejir çekenlere ynsanperwer kömegi duşenbe güni gowşuryldy.

Ynsanperwer kömegini daşan“Il-76” kysymly türkmen ýük uçary Pakistanyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menzilinde gondy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ynsanperwer kömegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugy esasynda amala aşyryldy.

Pakistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine göra, 40,5 tonnalyk ynsanperwer kömegi dokma önümlerinden, egin-eşikden, ýorgandan, azyk önümlerinden, arassa agyz suwyndan, dermanlardan we lukmaçylyk enjamlaryndan ybarat boldy.

Karaçi şäheriniň howa menzilinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömegini kabul etmek dabarasyna Sind welaýatynyň Baş ministriniň kömek bermek we dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite kömekçisi we geňeşçisi Haji Rasul Baks Çandio, Pakistanyň tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aýyrmak boýunça Milli gullugynyň direktorynyň orunbasary Wasim Ahmed, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Pakistanyň resmileri suw joşgunynda heläk bolan raýatlara öz wagtynda zerur bolan ynsanperwer kömegi berendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.

Pakistanyň Hökümeti ýurtda suw joşgunlary zerarly wepat bolanlaryň sanynyň 1,3 müňden, ýaralananlaryň bolsa 12,7 müňden geçendigini duşenbe güni mälim etdi.

2022