Özbek dökünleri Türkmenbaşy portunyň üsti bilen Ýewropa ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbek dökünleri Türkmenbaşy portunyň üsti bilen Ýewropa ugradyldy
Portuň ýylda 400 müň konteýneri ýükläp-düşürmäge ukyby bardyr.

Özbegistandan dökün bilen ýüklenen konteýnerler Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa iberildi.

Mineral dökünler bilen ýüklenen 40 futlyk 24 sany konteýner otlusy Türkmenbaşy portuna geleninden soňra Hazar deňziniň üsti bilen fider daşamalaryny amala aşyrýan Mahmud Rehimow gämisi arkaly Azerbaýjanyň Alýat portuna daşaldy. “ADY Container” kompaniýasy “Azerbaýjan demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň golçur kompaniýasy bolup, ol hem ýüküň daşalmagyna gatnaşdy. Bu barada “ADY Container” duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berdi.

Alýat portunda konteýnerler platformalara ýüklenip, demir ýol arkaly Gruziýanyň Batumi portuna, soňra bolsa Rasul Reza fider gämisi bilen Rumyniýanyň Konstanta portuna ugradyldy. Bellenilişi ýaly, Rasul Reza fider gämileriniň hyzmaty esasan Hytaýdan Ýewropa we yzyna ýük daşamak üçin ulanylýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 2021-nji ýylda 11,3 million tonnadan gowrak ýük daşaldy. Olaryň köp bölegi – 6,5 million tonnadan gowragy eksport ýükler bolup, 1,2 million tonnasy import ýüklerdir.

Şeýle-de portuň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulagyna hyzmat etmäge, şeýle-de 400 müň konteýneri ýükläp-düşürmäge ukyby bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022