Türkmenistan Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda bolan terrorçylykly hereketi ýazgarýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda bolan terrorçylykly hereketi ýazgarýar
Kabulda bolup geçen partlama zerarly Russiýanyň ilçihanasynyň iki hünärmeni we dört owgan raýaty wepat boldy hem-de 10 adam ýaralandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň pida bolmaklaryna sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda duşenbe güni bolup geçen terrorçylykly hereketi berk ýazgardy.

“Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar” diýip, beýanatda bellenilýär.

Türkmenistanyň DIM-i wepat bolan rus kärdeşleriniň maşgalalaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirdi.

Kabulda bolup geçen partlama zerarly Russiýanyň ilçihanasynyň iki hünärmeni we dört owgan raýaty wepat boldy hem-de 10 adam ýaralandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022