Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda bolan ýer titreme zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda bolan ýer titreme zerarly gynanç bildirdi
Hytaýyň günorta böleginiň Syçuan welaýatynda duşenbe güni 6,8 ball bolan ýer titreme hadysasy bolup, onda 65 sany adam wepat boldy we 250-ä golaýy ýaralandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda pida bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Hytaýyň günorta böleginiň Syçuan welaýatynda duşenbe güni 6,8 ball bolan ýer titreme hadysasy bolup, onda 65 sany adam wepat boldy we 250-ä golaýy ýaralandy.

Hytaýyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, bu ýer titreme 2017-nji ýyldan bäri iň güýçli ýer titremeleriň biri bolup, ol ýüzlerçe kilometr uzaklykdaky goňşy welaýatlarda hem bildirdi. Ýer titremäniň netijesinde 243 ýaşaýyş jaýy weýran boldy we 13 müňden gowragyna zeper ýetdi.

2022