Türkmen wekilleri Tatarystandaky nebithimiýa forumyna gatnaşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen wekilleri Tatarystandaky nebithimiýa forumyna gatnaşdy
Tatarystan nebithimiýa forumynyň dowamynda Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyny sanlaşdyrmak, dekarbonizasiýa we importyň ornuny tutmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň wekilleri Tatarystan nebithimiýa forumyna TNF-2022) gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky konsullyk gullugynyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Metbugat beýanatyna görä, forum Kazan halkara sergiler merkezinde 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 2-nji sentýab aralygynda geçirildi. Çärä nebithimiýa kompaniýalarynyň iki müňden gowrak wekilleri gatnaşdy.

Tatarystan nebithimiýa forumynyň dowamynda Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyny sanlaşdyrmak, dekarbonizasiýa we importyň ornuny tutmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde “TatOilExpo” halkara sergisi geçirildi. Bu sergide Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň nebit-gaz pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdyryldy.

2022