Türkmenistan bilen Azerbaýjan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegine garady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan bilen Azerbaýjan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegine garady
Şeýle-de taraplar hökümetara bilelikdäki toparynyň indiki mejlisini geçirmek we ykdysady ugurda özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler barada pikir alyşdylar.

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri, Ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan toparynyň Azerbaýjan tarapy boýunça ýolbaşçysy Mikail Jabbarow duşenbe güni Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämet Elýasow bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.

Jabbarow täze türkmen ilçisini bu wezipa bellenmegi bilen gutlady we oňa işlerinde üstünlik arzuw etdi. Onuň aýtmagyna görä, azerbaýjan-türkmen gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk hukuk binýat döredilýär we söwda-ykdysady gatnaşyklar güýçlendirilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar energiýa, maýa goýum, ulag, söwda, aragatnaşyk we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmen ilçisi Azerbaýjanda diplomatik işiniň başlanmagyna kanagatlanma bildirdi we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

Şeýle-de taraplar hökümetara bilelikdäki toparynyň indiki mejlisini geçirmek we ykdysady ugurda özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler barada pikir alyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022