Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Liz Trassy gutlady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Liz Trassy gutlady
Liz Trass sişenbe güni şa zenany Elizabet II tarapyndan resmi taýdan Premýer-ministr wezipesine bellenildi. (Surat: Lizz Trassyň “Instagram” sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Liz Trassy Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin” diýlip, Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trassa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw etdi.

Liz Trass duşenbe güni Beýik Britaniýanyň Konserwatiw Partiýasynyň  täze ýolbaşçysy wezipesine saýlandy we sişenbe güni şa zenany Elizabet II tarapyndan resmi taýdan Premýer-ministr wezipesine bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022