Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa we dokma senagaty pudaklaryny möhüm ugurlar hökmünde kesgitlediler.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaýyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.
Şeýle-de öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly işleriň ynanylandygy nygtaldy.
Mundan başga-da, ulag we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamy, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklaryň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa+Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ilerledilýändigini aýtdylar.
Duşuşyga Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.