Merkezi Aziýa ýurtlary we AHG Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny kabul etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary we AHG Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny kabul etdiler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) strategiki gepleşik boýunça ilkinji ministrler duşuşygy, 7-nji sentýabr, Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäheri (Surat: Saud Arabystany Patyşalygynyň DIM-i)

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde çarşenbe güni strategiki gepleşik boýunça ilkinji ministrler duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijesinde Bilelikdäki Beýannamany, şeýle hem söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023-2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny (Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny) kabul edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny, sebit howpsuzlygy meselelerini we söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, medeniýet we ylym pudaklarynda geljekde netijeli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda şu günki mejlisi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen AHG-nyň arasynda giň gerimli özara gatnaşyk döretmek üçin ilkinji möhüm ädim hökmünde garaýandgyny nygtady.

Türkmenistanyň garaýşyna görä, bu duşuşyk taryhy taýdan esaslandyrylan we häzirki zaman hakykatlarynyň zerurlyklary tarapyndan talap edilýän ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna uzak möhletli häsiýet we durnuklylyk bermek, şeýle hem tertipleşdirmek we kadalaşdyrmak prosesiniň başlangyjydyr diýip, Raşid Meredow aýtdy.

Forumyň çäklerinde taraplar energetika, ulag geçelgeleri we logistika, şeýle hem azyk we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, medeni, ynsanperwer we ylmy çäreleri geçirmek meseleleri boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdiler.

“Arab News” gazetiniň habar bermegine görä, ministrler meýilnamalaryň doly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede çalt ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigini aýtdylar.

Ministrler Gazagystanyň 2023-nji ýylyň iýun aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we AHG-nyň ilkinji ykdysady forumyny Astana şäherinde geçirmek baradaky çakylygyny hem-de Özbegistanyň indiki ýyl Samarkantda strategiki gepleşikleriň ikinji ministrler ýygnagyny geçirmek baradaky teklibini kabul etdiler.

AHG sebitara, hökümetara, syýasy we ykdysady birleşik bolup, onuň düzümine Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri girýär. Bu birleşigiň baş edara binasy Er-Riýad şäherinde ýerleşýär.

2022