Türkmenistanda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 7,5% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 7,5% artdy
Şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar.

Türkmenistanda şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,5% artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada beren hasabatynda jemi öndürilen önümiň 11,4% artandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilmegine görä, şu ýylyň ýanwar- awgust aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 38,6%, bölek-satuw dolanyşygy bolsa 10,5% artdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini, geljek ýylyň maýa goýum Maksatnamasyny bellenen möhletde taýýarlamak üçin zerur işleri amala aşyrmak hem-de nebitgaz, himiýa, dokma we gurluşyk senagaty pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny, girdejilerini artdyrmak boýunça seljerme geçirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar.

2022