Türkmenistanyň Prezidenti şa zenany Ýelizaweta II-iň aradan çykmagyna gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti şa zenany Ýelizaweta II-iň aradan çykmagyna gynanç bildirdi
Beýik Britaniýa tagtynda iň köp oturan şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda penşenbe güni aradan çykdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-e we Premýer-ministri Liz Trassa şa zenany Ýelizaweta II-iň aradan çykmagy zerarly gynanjyny bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat gullugy anna güni habar berdi.

“Şa zenany Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň patyşa Karl III-e iberen hatynda aýdylýar.

“Onuň hökümdarlyk eden döwründe parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek üçin bitiren ägirt uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar” diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trassa iberen gynanç hatynda “Şa zenany Ýelizaweta II ömür ýoly, bitiren asylly işleri hem-de galdyran gymmatly mirasy häzirki we geljekki nesilleriň aňynda ebedi galar” diýip, belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-e we maşgala agzalaryna hem-de onuň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Beýik Britaniýa tagtynda iň köp oturan şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda penşenbe güni aradan çykdy.

2022