Türkmenistanda halkara howa gatnawlarynyň ugurlary we sany köpeler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkara howa gatnawlarynyň ugurlary we sany köpeler
Döwlet Baştutanymyz ulag toplumynyň alyp barýan işiniň wajypdygyny nygtady hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berişine görä, degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde berildi.

Mämmethan Çakyýewe ýüzlenip, Döwlet Baştutanymyz ulag toplumynyň alyp barýan işiniň wajypdygyny nygtady hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmak tabşyryldy.

Mejlisde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022