Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepde daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 38 million 781 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, şeýle hem ýol bitumyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, BAE-niň, Azerbaýjanyň telekeçileri daşary yurt puluna boýalan tüýjümek önümleri we nah ýüplükleri satyn aldylar.
Şeýle hem, manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 42 million 482 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri jemi bahasy 1 million 205 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gurluşyk serişdelerini, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepde geçirilen söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.