Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe gün Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda welaýatyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we merkeziň gurluşygy bilen bagly meseleleriň çalt çözülmegi üçin degişli Kararlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan taslamalaryň aýratynlyklary hem-de gurluşyk işleriniň depgini barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri”, “Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri”, şeýle-de “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda” degişli Kararlara gol çekdi. Bu resminamalaryň kabul edilmegi täze welaýat merkezini gurmak işleriniň depginini güýçlendirmäge ýardam eder, şäheriň häkimliginiň işini düzgünleşdirer diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binsyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almaklary baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini aýtdy we bu ugurda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra, Döwlet Baştutanymyz merkeziň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna bardy we bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, üzümiň täze hasylyny ýygnamaga görülýän taýýarlyklar bilen tanşyp, üzüm hasylynyň köpçülikleýin ýygymyna ak pata berdi.