Türkmenistanda eýran önümleriniň sergisi geçirler

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda eýran önümleriniň sergisi geçirler
Serginiň geçirilýän günlerinde türkmen-eýran hökümetara toparynyň duşuşygy hem gurnalar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň teklibi bilen 25-27-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde eýran önümleriniň sergisi geçirler. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa meseleleri boýunça orunbasary Mehdi Safari ýekşenbe güni IRIB agentligi bilen geçiren söhbetdeşliginde belledi.

Safariniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýrana eden saparynyň dowamynda Prezident Ebrahim Raisä ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen Aşgabatda bu serginiň geçirilmegini teklip etdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa meseleleri boýunça orunbasary ýakynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda ýurdyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bu serginiň geçirilmegini maslahatlaşandygyny belläp geçdi. Serginiň geçirilýän günlerinde türkmen-eýran hökümetara toparynyň duşuşygy hem gurnalar.

Mehdi Safari söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň ösüşini belläp, onuň 1 milliard ABŞ dollaryna ýetip biljekdigini aýtdy.

Şu aýyň başynda, türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän Artyk-Lüftabat gözegçilik geçiriş ýerinde iki ýurduň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we gümrük işleriniň ýönekeýleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri beýan etdiler.

2022