Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Patyşasy Karl III-i gutlady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Patyşasy Karl III-i gutlady
London şäheriniň Seýnt Jeýms köşgünde şenbe güni irden geçirilen dabarada Karl III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň patyşasy diýlip resmi taýdan yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-i tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan Birleşen Patyşalyk bilen syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýar” diýlip, Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-e berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw etdi.

London şäheriniň Seýnt Jeýms köşgünde şenbe güni irden geçirilen dabarada Karl III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň patyşasy diýlip resmi taýdan yglan edildi.

2022