TDHÇMB-da duşenbe güni nah ýüplük we binýatlyk ýag satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni nah ýüplük we binýatlyk ýag satyldy
Türk işewürleri umymy bahasy 736,4 müň ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň 269,5 müň kilogramyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda nah ýüplükleriniň dürli görnüşlerini, binýatlyk ýaglaryny we elde dokalan türkmen halylaryny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türk işewürleri Türkmengala we Sakarçäge etraplarynda, şeýle hem Daşoguz şäherinde öndürilen nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň 269,5 müň kilogramyny satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 736,4 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin umymy bahasy 7,2 million manat bolan Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen SN-180 görnüşli binýatlyk ýagynyň jemi 2 müň tonnasyny satyn aldylar. Şeýle hem, umumy bahasy 45,3 müň manatdan gowrak bolan elde dokalan türkmen halylaryny satyn almak üçin geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepde daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynyň möçberi 38 million 781 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022