Azerbaýjan we ÝTÖB günorta gaz geçelgesiniň giňeldilmeginiň maliýeleşdirilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TURKMENISTAN
Azerbaýjan we ÝTÖB günorta gaz geçelgesiniň giňeldilmeginiň maliýeleşdirilmegini maslahatlaşdylar
Azerbaýjanyň Energetika ministriniň aýtmagyna görä, 10-dan gowrak döwlet Azerbaýjan bilen tebigy gaz üpjünçilik ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Azerbaýjanyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow duşenbe güni Baku şäherinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Prezidenti Odil Reno-Basso bilen geçiren duşuşygynda ÝTÖB-iň günorta gaz geçelgesiniň giňeldilmegine gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi.

Parwiz Şahbazow Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energiýa pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi bu taslamanyň giňeldilmegine esas bolup durýandygyny aýtdy. Bu barada Azerbaýjanyň Energetika ministrligi metbugat beýanatynda belledi.

Energetika ministriniň aýtmagyna görä, 10-dan gowrak döwlet Azerbaýjan bilen tebigy gaz üpjünçilik ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Parwiz Şahbazow ÝTÖB-iň günorta gaz geçelgesi üçin maliýe goldawynyň tebigy gaz baýlyklary çykarmaga we olary has köp mukdarda Ýewropa ýurtlaryna ibermäge, şeýle-hem Ýewropanyň energetika geçişine goldaw berjekdigini aýtdy.

Günorta gaz geçelgesiniň maýa goýum bahasy takmynan 40 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, bu geçelge Hazar deňzindäki Şah-Deňiz gaz käniniň hem-de 3,5 müň kilometr turbageçiriji ulgamynyň işlenilmegini öz içine alýar. Bu başlangyjyň esasynda üç sany turbageçiriji taslama bar: Azerbaýjandan Gruziýa çenli Günorta Kawkaz turbageçirijisi, Türkiýäniň üsti bilen geçýän Transanatoliýa turbageçirijisi (TANAP) hem-de Gresiýa we Albaniýanyň üsti bilen Italiýa çenli uzalýan TAP geçirijisi.

Gruziýa, Türkiýe, Ermenistan, Russiýa, Eýran we Hazar deňzi bilen serhetleşýän Azerbaýjan 2020-nji ýylyň ahyrynda Günorta gaz geçelgesiniň üsti bilen Ýewropa tebigy gazy eksport edip başlady.

Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy şertnamasyna laýyklykda, Azerbaýjan häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny import edýär. Häzirki wagtda alyş-çalşyk usuly arkaly türkmen tebigy gazynyň Azerbaýjana eksportyny ýokarlandyrmak we türkmen gazynyň alyş-çalşygyny beýleki ýurtlara ýola goýmak boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

2022