Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada "Trend" agentligi AÖB-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrysiakiniň aýdanlaryna salgylanyp, duşenbe güni habar berdi.
"AÖB Türkmenistan bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip, ýurduň ösüşinde zerur bolan ýardamlary berýär. Biz ýurduň hökümeti bilen Türkmenistanyň ykdysady we syýasy ösüşini goldamaga şeýle hem, sebitleýin hyzmatdaşlygyny we intergrasiýany ýokarlandyrmaga ýardam berýäris" diýip Artur Andrysiak “Trend” agentligine aýtdy.
Artur Andrysiakiniň aýtmagyna görä, AÖB häzirki wagtda Türkmenistanyň energetika, ulag we saglygy goraýyş pudaklaryny, şeýle hem hususy pudagyndaky kiçi we orta kärhanalary ösdürmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow geçen aý AÖB-yň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrysiak bilen geçirilen duşuşygynyň dowamynda bankyň Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk Strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.