Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Duşuşykda taraplar Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Azerbaýjanyň Baku şäherinde 12-13-nji sentýabr aralygynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilelikdäki iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullygy sişenbe güni mälim etdi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Hazar institutynyň müdiri, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili Myrat Atajanow, azerbaýjan wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjanyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili Halaf Halafow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş toparynyň wekilleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022