Abu-Dabi duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE iş sapary maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Abu-Dabi duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE iş sapary maslahatlaşyldy
Taraplar duşuşykda döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldilmegine, maýa goýum ýagdaýynyň kämilleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginde Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen Abu-Dabi şäherinde geçirilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE meýilleşdirilýän resmi saparyny gurnamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan iýul aýynda orta gündogar ýurdyna sapara çagyryldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE-de iş sapary 2022-nji ýylyň 12-16-njy sentýabry aralygynda dowam eder. Bu barada DIM-nyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem, 12-14-nji sentýabr aralygynda türkmen wekiliýeti BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui, Abu-Dabi portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy Saif Muhammet Juma Al Şamisi, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Baş direktory Saif Al Suwaidi, “Masdar” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al Ramahi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklaryň dowmynda taraplar 2022-nji ýylda Abu-Dabide meýilleşdirilýän Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bagly meselelere içgin garaldy. Taraplar döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldilmegine, maýa goýum ýagdaýynyň kämilleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň ulag ulgamyndaky mümkinçilikleriniň ösdürilmegi boýunça pikir alşyldylar we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin deňiz, howa, demirýol ulaglarynyň we port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini garadylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň dowamynda BAE-niň ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe goşmaça duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022