TDHÇMB-da penşenbe güni polietilen, nah ýüplük we dizel ýangyjy satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni polietilen, nah ýüplük we dizel ýangyjy satyldy
Polşanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleri Т60-475-119 görnüşli polietileniň jemi 5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda polietilen, dizel ýangyjyny we nah ýüplükleri satmak boýunça geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 21,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Polşanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleri Т60-475-119 görnüşli polietileniň jemi 5 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3,6 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Harydyň bahasy geçen söwdalar bilen deňeşdirilende, 17,5% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy 730 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB anna güni mälim etdi.

Şeýle hem, BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri 15,9 million ABŞ dollaryna barabar bolan gidro usul arkaly arassalanan dizel ýangyjynyň 17 müň tonnasyny satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy geçen söwdalar bilen deňeşdirilende, 6,8% pese düşüp onuň bir tonnasynyň bahasy 939 ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda türk işewürleri 1,8 million ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplükleriň 572 müň kilogramyny satyn aldylar. Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin 18,5 million manatlyk nah ýüplükleriň 423,5 müň kilogramyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda nah ýüplükleriniň dürli görnüşlerini, binýatlyk ýaglaryny we elde dokalan türkmen halylaryny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

2022