ŞHG sammitiniň netijesinde Samarkant Jarnamasy kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ŞHG sammitiniň netijesinde Samarkant Jarnamasy kabul edildi
Sammite gatnaşyjylar dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça jemi 44 sany resminama kabul etdiler.

Özbegistanyň Samarkant şäherinde anna güni geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň netijesi boýunça Samarkant Jarnamasy kabul edildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem, sammite gatnaşyjylar dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça jemi 44 sany resminama kabul etdiler.

Bellenilişi ýaly, Samarkant Jarnamasy sebitdäki durnuklylygy, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ulag we aragatnaşyk baglanyşyklary berkitmek we medeni hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki çemeleşmeleri kesgitleýär.

Gol çekilen 44 sany resminama global azyk howpsuzlygyny we halkara energiýa howpsuzlygyny goramaga, howanyň üýtgemegine garşy göreşi berkitmäge we howpsuz, durnukly hem-de köpugurly haryt üpjünçilik zynjyryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, sammitiň dowamynda Belarusy ŞHG-nyň doly ygtyýarly agzasy hökmünde kabul etmek prosesi başlandy. Şeýle hem, Eýran bu gurama goşulmak barada ähtnama gol çekdi, Müsür we Katar bu gurama hyzmatdaş ýurtlar hökmünde kabul edildi, Bahreýn, Kuweýt, Maldiw Adalary, Mýanma we BAE bu statusy almak üçin prosese başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022