Sentýabr II hepde: eksport geleşikleri $30,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sentýabr II hepde: eksport geleşikleri $30,7 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepde daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 30 million 782 müň 850 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Polşanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Gyrgyz Respublikasynyň we Azerbaýjanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, arassalanan dizel ýangyjyny we polietilen önümlerini satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.

Şeýle hem, manat serişdelerine BAE-den, Türkiýeden we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 30 million 215 müň 980 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 75 million 99 müň 343 manatdan gowrak ýokary dykyzlykly polietileni, nah ýüplügini we el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepde TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022