Ahal welaýatynda täze Saglyk ýoly gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynda täze Saglyk ýoly gurlar
Saglyk ýoly, Aşgabat, Türkmenistan

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde umumy uzynlygy 6,2 kilometra barabar bolan täze Saglyk ýoly gurlar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine baryp, Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň çyzgysy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täze şäheriň gurluşyk meýdançasynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de ýoluň ugrunda ugurdaş desgalary gurmak, gök zolaklary döretmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy howa şertlerini göz öňünde tutup, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, ýerasty geçelgeleriň gurluşygynda, yşyklandyryş ulgamynda şeýle-de içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline aýratyn üns berilmelidigini hem aýtdy.

Saglyk ýoly Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär.

2022