Eýranyň Nebit ministrligi duşenbe güni ýurduň Russiýadan Azerbaýjanyň üsti bilen turbageçirijiler arkaly günde 9 million kub metr tebigy gazy satyn alyp başlajakdygyny mälim etdi. Bu barada “Tasnim” agentligi habar berdi.
Eýranyň Nebit ministrligi bu meýilnamany iýul aýynda Eýranyň Milli nebit kompaniýasy (NIOC) bilen Gazpromyň arasynda baglaşylan 40 milliard ABŞ dollaryna deň bolan şertnamasy boýunça hasabatynyň çäginde beýan etdi.
Ministrlik şeýle hem alyş-çalyş şertnamasynyň çäginde Russiýadan gündelik 6 million kub metr tebigy gaz alnyp, STG (suwuklandyrylan tebigy gaz) görnüşde Eýranyň günortasyndaky beýleki ýurtlara ugradyljakdyny aýtdy.
Gazprom bilen baglaşylan 40 milliard ABŞ dollarlyk şertnamanyň çäginde Eýrandan Pakistana we Omana gaz geçirijileriniň gurulmagy we Eýranda STG önümçilik taslamalarynyň birnäçesiniň tamamlanylmagy göz öňünde tutulýar.
Eýran Russiýadan gündelik import ediljek 15 million kubmetr tebigy gazy özüniň ilatly demirgazyk-günbatar sebitleriniň içerki üpjünçiligini berkitmek we şol bir wagtyň özünde ýurduň günbataryndaky turbageçirijileri arkaly Türkiýä we Yraga tebigy gaz eksportyny artdyrmak üçin ulanmagyna garaşylýar.
Eýran häzirki wagtda Türkmenistan bilen gaz alyş-çalşyk şertnamasyny durmuşa geçirýär. Onuň esasynda Eýran import edýän türkmen gazyny ýurduň demirgazyk-gündogarynda sarp edýär we Azerbaýjana deň mukdarda eýran gazyny berýär.
Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy. 2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Bakuwda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu şertnama laýyklykda, türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy iki esse artar.