Türkmenistana iki sany täze ýük teplowozy gelip gowuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistana iki sany täze ýük teplowozy gelip gowuşdy
Täze teplowozlaryň gelip gowuşmagy demir ýollaryň has netijeli işlemegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Aşgabat demir ýol menziline sişenbe güni Hytaýdan iki sany täze ýük teplowozy geldi.

“CRRC Ziyang Co” zawodynda öndürilen teplowozlar ygtybarlylygy we ýokary ýük çekijiligi bilen tapawutlanýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bellenilişi ýaly, täze teplowozlaryň gelip gowuşmagy demir ýollaryň has netijeli işlemegine we mundan beýläk-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam berer.

Teplowoz öndüriji CRRC Ziyang, CRRC korporasiýasynyň golçur kompaniýasy bolup, ol dünýäde iň uly demir ýol ulaglaryny öndüriji kompaniýadyr.

Ýakynda Türkmenistan Brýansk maşyngurluşygy zawodynda  (“Трансмашхолдинг”) öndürilen teplowozlaryň bäşisini satyn aldy.

2022