Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň döwlet nebit ministrini kabul etdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
Taraplar ýurtlaryň arasyndaky ýangyç-energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns çekdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Pakistanyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi bilen Aşgabatda geçirlen duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Pakistanyň döwlet nebit ministri öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny ýetirdi. Şeýle hem, Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň ýokary ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklara özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mahsusdygyny kanagatlanma bilen belledi.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky ýangyç-energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns çekip, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmeginiň wajyplygyny bellediler.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

2022